- garlyk
- [garlyk]Garyň köp düşen ýeri, garyň köp ýagan ýyly.∙ Görseň, daş-töweregiň ýagty we garlyk. (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler)∙ Öten ýyl örän garlyk boldy.Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem garlyk - garlygy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.